BAŞY ALTMYŞ JYGALY

Ýüňdarak pederlerimizden miras galan gadymy esbaplaryň biridir. El hünäriniň ussady bolan mähriban ene-mamalarymyz ak öýleriň esasy bezegi bolan haly, keçe, palas, kilim ýaly düşekleri we horjun, torba, oýluk ýaly öý goşlaryny dokamak üçin zerur bolan ýüňleri darap, arassalamakda ýüňdaragyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Ýüňdarak goýun, düýe ýüňlerini işläp taýýarlamakda türkmen durmuşynda hemişe elýeterde duran özboluşly gural bolup hyzmat edipdir. Halk döredijiliginde mynasyp ornuny tapan «Düýbi göwresinde, sakgaly depesinde», «Iki agaçdan kümeli, başy altmyş jygaly», «Ygaly jan ygaly, başy altmyş jygaly» diýen ýaly aýtgylara bolsa halkymyzyň pederlerimizden miras galan bu gadymy öý guralyna, esbabyna bolan söýgüsi siňendir. Bu gadymy öý esbabynyň gurluşy barada aýdylanda bolsa, ol dört bölekden ybaratdyr. Ýagny «göwre agaç», «söýe agaç», «darak başgap», «polat temen diş» ýaly bölekler ýüňdaragyň süňňüni düzýär. Agaç ussalary ýüňdaraklary ýasanlarynda şikessiz agaçdan peýdalanypdyrlar. Onuň başyna geýdirilýän başgaby «darak başy», şeýle-de «darak başgap» diýlip hem atlandyrylypdyr. Ýüňdaragyň gelip çykyşy barada il arasynda şeýle rowaýat hem bar.

Rowaýata görä, ir wagtlar il içinde at-abraýa eýe bolan agaç ussasy ýaşapdyr. Ol her gün özüniň ussahanasynda agaç ýonup, ondan dürli enjamlary ýasap, il-günüň hyzmatyny edipdir. Halal zähmeti bilen gün-güzeranyny görüp ýören ussa öz ussahanasynda bölek-bölek agaçlary hem yrýa etmän kesip timarlapdyr. Ýöne ol bu agaçlary nämä ýaratjagyny bilmändir. Günleriň bir güni ussa oturan ýerinde dört bölek agajy eline alyp, özbaşdak işe gümra bolupdyr. Ol agaçlaryň birini ýerde goýup, beýleki iki agajy hem onuň üstünde goýupdyr. Soňra agaçlaryň başyny biri-birine söýäpdir. Ýöne birbada ýasan şekilini nämä meňzetjegini bilmändir. Agaçlary ýerli-ýerinde goýup, ony çüý bilen berkidipdir we ussahananyň diwarynda asyp goýupdyr. Günleriň birinde agaç ussasynyň ýanyna demirçi ussa gelipdir. Iki ussa saglyk-amanlyk soraşyp, gyzykly gürrüňler edipdirler. Demirçi onuň ussahanasyna göz gezdirip, ol ýerdäki zatlary synlapdyr. Az oturyp, köp synlap ussanyň gözi diwarda asylgy duran zatda eglenipdir. Şol pursat demirçi ussa agaç ussasyna ýüzlenip:

— A-how, ussa aga, diwardaky asylgy duran zadyň näme? — diýip sorapdyr.

Agaç ussasy mähirli ýylgyryp:

— Ol görýäniň ýöne bir ýasalaýan zat — diýip, jogap beripdir.

Demirçi ussa ony eline alyp, içgin synlapdyr. Soňra ussa ýüzlenip:

— Halypa, makul bilseň, bir maslahatym bar — diýipdir.

Agaç ussasy onuň beren maslahatyny üns bilen diňläpdir.

Demirçi ussa onuň ýasan, başy birikdirilen agajynyň depesine polatdan ýasalan temen çüýi oturtmagy hem-de onuň üstüne örtgi gap ýasamagy maslahat beripdir.

Agaç ussasy:

— Meniň demir ussaçylygyndan başym çykmaýar. Ony siz başararsyňyz, men onuň agaç gabyny ýasap bilerin — diýip, jogap beripdir.

— Demirçi ussa ony ussahanasyna getirip, onuň depesine polatdan ýasalan uçly temen çüý berkidipdir we birnäçe günden soň ony agaç ussasyna eltip beripdir.

Ussalar oýlanyşykly, maslahatly ýasan esbabyna soňra «Jygasy temençeli agaçdarak» diýip at goýupdyrlar.

Ene-mamalarymyzyň ir döwürlerden bäri gündelik durmuşynda ulanyp gelen öý esbaplary, şol sanda ýüňdarak hem wagtyň geçmegi bilen mirashana gymmatlyklaryna öwrüldi. Şeýle-de bolsa, çarwa obalarynda hem-de oba ýerlerinde ýüňdaraklaryny mukaddes zat hökmünde saklaýan maşgalalar bar. Oňa mukaddeslik hökmünde garap, aýawly saklaýan adamlaryň: «Enem jandan, ejem jandan galan ýadygärlik. Onda mähriban käbämiň elleriniň yzy bar» diýip, buýsanç bilen aýdýan sözlerinde bolsa mähriban enelerimize, olardan nesillerimize miras galan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgi bar.

Mähri DAŇATAROWA,

Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

 

“Zenan kalby” žurnaly

08.2026ý.

Meňzeş habarlar

12 Oktýabr 2026 | 311 okalan

DÄP-DESSURLARA SIŇEN AÝTGYLAR

15 Sentýabr 2026 | 721 okalan

BUGDAÝA BIR SUW KÖP, ÝEDI SUW AZ

07 Sentýabr 2026 | 402 okalan

DEHISTAN — MISSERIAN ÝADYGÄRLIGI