BUGDAÝA BIR SUW KÖP, ÝEDI SUW AZ

Ömrüne ak ekin ýetişdirip, baý iş tejribesini toplan daýhanlaryň birinden:

— Bugdaýa suwy köp tutsaň gowumy ýa az tutsaň? — diýip sorapdyrlar.

Goja daýhanyň beren jogaby örän syrly bolupdyr:

— Bugdaýa bir suw köp, ýedi suw az.

Öňden gelýän pähimi gaýtalan daýhanyň sözüne düşünmedik ýaş-ýeleňler ondan düşnükliräk aýtmagyny haýyş edipdirler. Onuň düşündirişi şeýle bolupdyr: hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bugdaý ösüş döwründe özüne gerek çygyň dörtden üç bölegini baldagyndan alýar, ýöne onuň kökleri artykmaç çyglylyga çydamsyz. Onuň köki, ýagny düýbi suwda bir ýarym günden köp dursa, guramak bilen bolýar. Şonuň üçinem tejribeli daýhanlar ak ekin ýetişdirenlerinde, ilki atyzlaryň tekizligine üns berýärler. Soň hem suwy çäkli tutýarlar. Iň gowusy, bugdaýy suwaryp, ondaky suw bir günden artyk saklanjak bolsa, ony gaçyrmakdyr. Häzirki döwürde hem gallaçylar bugdaý ekişini geçirensoň, ol gögermänkä, suw gaçyrylýan keşleri çekýärler.

Bugdaý hakyndaky ýokarky pähim hem hut şu ýagdaý bilen baglydyr.

Gömme çörek ýa-da ýerçörek

Bu sözleriň häzirki ýaşlar üçin geňräk eşidilmegem mümkin. Dogrusy, Garagum sährasyndaky çarwa obalarynda häzirki döwürde hem gömme çörek, gömme somsa, gömme işlekli özboluşly tagam hökmünde taýýarlanylýar.

Çörek — gündelik zerur bolan azyk önümi. Islendik ýerde bolanda-da, ol adama zerur. Garagum ýaýlasyna ýazlaga çykan maldarlar bir ýerde uzagrak saklanjak bolsalar, çörek bişirmek üçin ýertamdyr gazýarlar. Ýogsa-da gömme çörek bişirýärler.

Gömme çörege käte ýerçörek hem diýilýär. Onuň hem sebäbi bu çöregiň çägä gömlüp, ýerde bişirilýändigi üçindir. Gömme çöregi bişirmek üçin artykmaç hiç zat gerek däl. Diňe çäge we ýakar ýaly odun bolsa bolany. Bular bolsa Garagumuň islendik ýerinde tapylýar.

Gömme çöregi bişirmek üçin çägäniň üstünde ot ýakyp, ony gowy gyzdyrýarlar. Soň bolsa oduň goruny, külüni gapdala aýryp, hamyry gyzgyn çägä gömýärler. Onuň üstüne oduň goruny ýazýarlar.

Derde derman çäge

Jelaleddin Menguberdi hakyndaky rowaýatlarda onuň Hindistanda söweşip ýörkä düşen ýaradan wagty bilen saplanmansoň, tebipleriň maslahaty bilen Horezmden eltilen gumdan we suwdan melhem ýasadyp, derdinden gutulandygy aýdylýar. Eşidilip oturylsa, biziň günlerimizde-de çarwa obalarynyň adamlary Garagumuň çägesini melhem hökmünde ulanýan ekenler.

Çäge wannasy dünýä lukmançylygynda hem giňden ýaýrandyr, ýöne biziň ata-babalarymyz ir döwürlerde hem sowuklama, böwrek, guragyry kesellerinden aýňalmak üçin Garagumuň gyzgyn çägesini ulanypdyrlar. Çägäni melhem hökmünde ulanmak biziň günlerimizde-de dowam edýär.

Şöhrat ABDYÝEW,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

Türkmenistan gazeti,  09.09.2026ý.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2026 | 187 okalan

BAŞY ALTMYŞ JYGALY

12 Oktýabr 2026 | 311 okalan

DÄP-DESSURLARA SIŇEN AÝTGYLAR

07 Sentýabr 2026 | 402 okalan

DEHISTAN — MISSERIAN ÝADYGÄRLIGI