DEHISTAN — MISSERIAN ÝADYGÄRLIGI

Dehistan geçmişde ýokary medeniýetli, mes toprakly, bol suwly ýer bolupdyr. Ol Etrek derýasynyň aşaky akymlaryny öz içine alypdyr. Derýanyň günorta taraplary Dehistan saýylypdyr.

Orta asyr taryhçysy Beýhakynyň ýazmagyna görä, 1035-nji ýylda Dehistanda bugdaýyň bahasy örän arzan bolupdyr. Ony bolsa ekerançylygyň ösendigi hem-de däne bolçulygy bilen düşündirmek bolar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, Misseriandan we ondan, takmynan, 40 kilometr günbatarda ýerleşýän Dehistansur ýa-da Al-Buheýra — Kerpiçli harabaçylygyndan VI-VII asyrlara degişli bugdaý we künji däneleri tapyldy. Alymlar Misserian we Çat düzlüginde gadymy ekerançylyk ýerleriniň 390 müň gektarynyň bolandygyny belleýärler. Misserian düzlüginiň käbir ýerlerinde medeni çökündileriň galyňlygy 2 metre ýetýär. Munuň özi şol ýerleriň asyrlaryň dowamynda ekerançylyk üçin özleşdirilendigine şaýatlyk edýär. Bu ýerler obalaryň we şäherleriň, suwaryş desgalarynyň dörän, senetçiligiň we söwdanyň ösen ýerleri bolupdyr. Gadymy zamanlarda Girkan-Gürgen (Hazar) deňziniň gündogar kenarynda ekerançylyk üçin amatly, tekiz, mes toprakly ýerler bolupdyr, arheologiýa maglumatlaryna görä, 3 müň 500 ýyllap şol toprakda üznüksiz ýaşaýyş bolupdyr. Bu ýerlerde ýaşan ilat asyrlaryň dowamynda suwaryş desgalarynyň, kanallaryň, bentleriň, howdanlaryň we howuzlaryň ençemesini gurupdyr. Şeýlelikde, olar ekerançylygyň pajarlamagyna, ykdysadyýetiň we medeniýetiň rowaçlanmagyna, dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşupdyrlar. Arpa, bugdaý, jöwen, şaly, künji ýaly däneli ekinler bilen birlikde, bag-bakjalar, miweli ösümlikler hem ýetişdirilipdir.

Dehistanyň ýadygärlikleri XIX asyrdan başlap syýahatçylaryň, diplomatlaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Şol asyryň birinji çärýeginde Dehistan harabaçylygy harby-topografik kartalarda peýda bolýar. Dehistanyň Misserian atly orta asyr şäherinde IX — XV asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr. Şäheriň umumy meýdany 200 gektara barabardyr. Misserianyň şäher galasy iki gat bolup, daşky gala pagsadan, içki gala bolsa bişen kerpiçden we pagsadan bina edilipdir. Daşky gala-da, içki gala-da diň-küňreler bilen berkidilipdir. Iki gat gala diwarlarynyň aralygy 25 metre, olaryň beýikligi 15 metre barabar bolupdyr.

Daşky we içki galalaryň daş taraplaryna çykyp duran küňreleri belli bir aralykda bir-birleri bilen sepleşip, dört tarapy ýapyk jaýy emele getirýär. Munuň özi diňe harby maksat bilen, ýagny gala diwaryna hüjüm edilende, gabawa düşen duşman hiç tarapa gidip bilmez ýaly edilipdir. Gala diwarlarynyň üstünde gözegçiler üçin meýdança we atyşhanalar bolupdyr. Şäheriň üç derweze ýeri mese-mälim bildirýär. Derwezä girmek üçin şäheriň daş ýüzündäki suw saklanylan hendegiň üstünden köprüler bolupdyr.

Şäheriň içinde-de, daşynda-da bir wagtlar durmuş gaýnap joşupdyr. Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlary bişen kerpiçden bina edilipdir. Dehistanda köp sanly minaralar, juma metjidi we ençeme etrapça metjitleri, medrese, kerwensaraýlar, hammam bolupdyr. Biziň günlerimize çenli köp ymaratlar ýere siňipdir, olary ýüze çykarmak arheologlaryň wezipesi.

Saklanyp galan iki minaranyň biri XI asyryň başlaryna degişli. Minaranyň depesine çykmak üçin içinden kerpiç basgançaklar edilipdir. Minaranyň içine dürli tarapdan ýagty düşer ýaly, penjire-deşikler edilipdir. Bu orta asyr ymaratynyň kerpiçleriniň örülişi-de, daşky bezegi-de diýseň täsin. Onda «kufi» ýazgylary bolup, beýleki orta asyr binagärlik sungatyna düýbünden mahsus bolmadyk häsiýetler bar.

Akademikler A.A.Semenow we M.Ý.Masson minaranyň bilindäki ýörite ýonulan kerpiçlerden ýazylan haty okamaga synanyşypdyrlar. Emma harplarynyň doly saklanyp galmandygy sebäpli, hatlaryň doly mazmunyny seljermäge mümkinçilik bolmandyr. Şeýle-de bolsa minaranyň bina edilen wagtynyň 495-nji hijri ýylyna ýa-da miladynyň 1102-nji ýylyna gabat gelýändigi takyklanypdyr. Bu minara diňe bir arheologik ýa-da binagärlik nusgasy bolman, eýsem, sungat hem-de inženerçilik taýdan täsin desgadyr.

Minaralaryň ikinjisi öňde gürrüňi edilen minaradan 120 metr günortada ýerleşýär. Bu minaranyň diwarynda hat-ýazuw ýok. Orta asyrlarda, köplenç halatda, metjitleriň ýanynda minara salnandygy nazarda tutulyp, minara, gapdalyndaky metjit ýaly, XIII asyryň birinji çärýeginde salnandyr diýen netijä gelindi.

Dehistana gelýänler minaralary synlap, beýle desga duşmana gözegçilik etmek üçin niýetlenendir diýýärler. Şeýle gözegçilik minaralaryň ikinji derejeli wezipesi bolup, olaryň, esasan, azan aýtmak üçin niýetlenen bolmagy ähtimaldyr. Ýagny günortadaky minaranyň bir gapdalynda XII-XIII asyrlarda bina edilen metjit bar. Bu metjit täsin orta asyr arhitektura ymaratlarynyň biridir. Onuň peştagynyň beýikligi, owadanlygy, mawy syrçaly plitalary, dürli geometrik şekilli ownuk kesme nagyşlary haýran galdyrýar.

XX asyryň başlarynda akademik A.A.Semýonow metjidiň girelge tarapynyň hatlaryny okanda, Horezmiň şasy Muhammediň adynyň bardygyny anyklapdyr we şol öňki döwürde Dehistanyň Horezmiň düzümine girendigi barada ýazypdyr. Akademik M.E.Masson Semýonowyň metjit baradaky aýdanlarynyň üstüni ýetiripdir. Metjidiň diwarlaryndaky hatlarynyň arasyndan ony bina eden ussalaryň atlaryny okapdyr.

Dehistanyň arhitektura ymaratlarynyň gurluşyk materialy bolan bişen kerpiçleriniň berkligi Daşkentde ýörite barlaghanada barlanyp görlende, olaryň yssa we aýaza çydamlylygynyň häzirki zaman standartynyň iň ýokary derejesine deňdigi anyklanypdyr. Orta asyr medeniýetine häsiýetli zatlaryň biri-de dini mekdep-medreseleriň bolmagydyr. Misserianda şeýle medreseleriň biri ýüze çykaryldy.

Şäheriň daşynda kerwensaraýlar, mal saraýlary, myhmanhana, derwüşhana, bazar meýdançalary, çarbaglar, kerpiç hem-de küýze bişirilen peçler we başga-da birnäçe önümçilik obýektleri ýerleşýär. Goranyş galasynyň günorta tarapynda ýerleşen kerwensaraý iki bölekden — giň howludan we myhmanhanadan ybarat. Kerwensaraýyň içindäki jaýlar bişen kerpiçden, daşky berkitmesi bolsa pagsadan bina edilipdir. Türkmenistanda häzire çenli orta asyr şäherleriniň üçüsinde — Merwde, Täze Nusaý galasynda hem-de Dehistanda hammam bolandygy belli edildi.

Dehistanda köp sanly kerpiç bişirilýän küreler we keramika bişirilýän peçler bolupdyr. Diňe kerpiç küreleriniň 50-den gowragynyň bolandygyna güwä geçmek bolar. Uly orta asyr şäherinde jemgyýetçilik binalary, ýaşaýyş jaýlary we gaýry ymaratlar bişen kerpiçden bina edilipdir. Şonuň üçin bişen kerpije bolan isleg gaty ýokary bolupdyr.

Bişen kerpiç, esasan, IX asyrdan başlap köpçülikleýin ulanylyp başlanypdyr. Munuň özi şol döwrüň uly tehniki üstünligidir. Ondan ozal hem, aýdalyň, antik döwürde-de bişen kerpiç bolupdyr. Emma ol örän seýrek hadysa bolup, diňe has dabaraly desgalarda — köşk ymaratlarynda peýdalanylypdyr. Bişen kerpiç tehnologiýasynyň ýüze çykmagy ymaratlaryň gurluş usullarynyň kämilleşmegine hem ýardam edipdir.

Misserian senetçiligiň hem ösen şäherlerinden biri bolupdyr. Irki döwürlerde bolşy ýaly, orta asyrlarda hem gaplar, köplenç, toýundan ýasalypdyr. Olar ýörite peçlerde bişirilipdir. Nahar iýmek üçin niýetlenen gaplar, köplenç, nagyşlanypdyr we syrçalanypdyr. Suw, bugdaý, arpa, un we ş.m. zatlar üçin niýetlenen uly hum küýzeler syrçalanmadyk bolsa-da, olaryň azda-kände ýönekeýräk nagyşlar bilen bezelenlerine duş gelmek bolýar.

Dehistanda metaldan: misden, bürünçden we demirden ýasalan gaplar, ýarag we bezeg esbaplary hem duş gelýär. Şäherde çüýşe önümleri, daşdan we süňkden ýasalan zatlar hem az däl. Ak silikat-kwarsdan ýasalyp, altyn çaýylan kaşin gaplarynyň örän köp mukdarda we çeper öndürilmegi orta asyrlarda Dehistanda senetçiligiň sungat derejesine ýetendigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolandygyna, ykdysadyýetiň ösendigine güwä geçýär.

Nurgözel BÄŞIMOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.

Türkmenistan gazeti,

07.09.2026ý.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2026 | 187 okalan

BAŞY ALTMYŞ JYGALY

12 Oktýabr 2026 | 311 okalan

DÄP-DESSURLARA SIŇEN AÝTGYLAR

15 Sentýabr 2026 | 721 okalan

BUGDAÝA BIR SUW KÖP, ÝEDI SUW AZ