ÝEŇIŇ BILEN ÝANYŇ BOLSUN!
Il içinde ene-mamalarymyz durmuşa çykýan gyza ýa-da täze gelne dileg edende gowy dilegleriň içinde: «Ýeňiň bilen ýanyň bolsun!» diýýärler. Bu söz köýnek biçmek hakynda däl. Aslynda, ýeňli-ýanly köýnek biçmekde hem çuňňur many bar. Köýnek biçilende ýeň, ýan, aşyry we begeýik alynýar. Köýnek biçüwiniň bu bölekleri ir zamanlardan bäri, ýagşy niýetlere ýanap biçilipdir. Köýnegiň aşyrysy (boýun) egniňden aşyrylan arka bölegi bilen öň bölegi birleşdirýän aşyrynyň tikini bolýar. Aşyrynyň arka tarapy ene-mama, geçmiş, öň tarapy geljek bolup, onuň ýakasy — ýaşaýyş, çaga emdirmegiň güzeri we dowamat hasaplanýan eken. Şonuň üçin monjugatdylarda «Ýakasy güzer ýaly» diýen setirler getirilipdir.
Soňra aşyrynyň tikininden ýeň tikilýär. Ýeň ogul-gyz ekeni. Begeýigiň ilki ýana, soň ýeňe birikdirilmegi, onuň üçburçluk şekilde bolup, «jebisligi dileg edip dursun» diýilmegi eken. Köýnegiň ýany doganlary aňladypdyr. Il arasynda «Sag ýanymy enem berdi, sol ýanymy gaýynym» diýilýär. Diýmek, zenanyň sag ýanyndaky ýan öz doganlary, durmuşa çykandan soň sol ýanyndaky ýan bolsa ýoldaşynyň doganlary eken. Köýnegiň etegi bolsa köpçülik hasaplanýan eken.
«Görogly» şadessanynda «Çaparlar etek alty, ýeň ýedi bolup Genjim begiň ýanyna bardylar» ýa-da ertekilerde hem şu jümle köp ulanylýar. Bu etek bilen ýeň aralygynyň — dogan-garyndaşyň, ogul-gyzyň jebisligini aňladypdyr. Lälelerde «Çepbetow donuň bir eken, ýeňi-ýany dar eken» diýen setirlere üns berseň, aslynda, ene-mamalarymyz biçüwlerde giňişligi halapdyrlar.
Umuman, gelin-gyzlaryň köýneginiň biçüwinde türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň uly filosofiýasy, däp-dessurlary, urp-adatlary öz ornuny tapypdyr. Şu zatlary okanymdan soň gelin-gyzlarymyza: «Bagtly, döwletli bolmak üçin ýeňli, ýanly köýnek geýiň!» diýesim gelýär.
SÜÝDÜŇ UÇUNMAGY
Ene süýdüniň keramaty barada öň hem söýgüli žurnalymyzda birnäçe gezek çykyş etdik. Il arasynda «Süýdüň uçunmagy» diýen söz bar. Bu sözde enäniň süýdi göwüsden akman, çaga soranda-da gelmän, göwüsde düwlüp, enäni gyzdyrtmaga çenli alyp barýan eken. Süýt näme üçin uçunýarka? Bu sözüň düýbünde edep-ekram, arassaçylyk hem perzende bolan söýgi bar.
«Süýt uçunmak» çaga emdirýän gelin bimahal çagy kül, hapa suw dökülen ýerden geçse-de, hatda ene çagasyny göwsüniň üstüni ýapman emdirip otyrka oňa bimähremiň gözi düşse-de ýa-da ene bäbegini gaharyna bäs gelip bilmän oturan pursady emdirse-de bolýan eken. Ene-mamalarymyz şeýle halda gelniň göwsüne duzluk haltany yryklap: «Ýamanyň sözünden, bimähremiň gözünden, beladan-beterden, jyndan-arwahdan goraweri» diýip dileg edip, gelne-de bir çümmük duzy dadyryp, ýylyjak şerebeli suwa gelniň göwsüni çümdürip, ýel çalmaz ýaly galyňrak geýindiripdirler. Ýa-da üzärlik tütedip, gelniň başyndan we göwsünden tüssäni aýlap, soň üzärlikli gaby ýerde goýup, onuň tüssesi gelniň eteginden girip, ýakasyndan çykar ýaly ýagdaý döredipdirler. Ýüregiň bilen ynansaň bitmeýän iş ýok. Şondan soň gelin sagalyp, bäbegini agyrysyz, ynjysyz emdirýär. Şeýle-de bolsa, halk lukmançylygyny ýa-da häzirki zaman lukmançylyk emlerini wagtynda ulanmagy maslahat berýäris.
ÝAŞMAK
Il içinde: «Gelin edebiniň gelşigi ýaşmak» diýýärler. Dogrudan-da, ýaşmak ýaşynan gelniň owadanlygy, uzlugy aýdyp-diýer ýaly däl. Gürrüňdeşligiň birinde bir zenanyň: «Oglumy öýersem gelnimi tä çagasy bolýança ýaşyndyrjak. Ýaşmak meniň arzuwym. Gaýynenem bilen gaýynatam men durmuşa çykmankam aradan çykypdyrlar. Gaýynekejilerim bolsa meni ýaşyndyrmadylar. Ýogsam, öýden uz ýaşynyp girip-çykyp, olara hyzmat etmek arzuwymdy» diýenleri ýadymdan çykanok.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmen zenanlarynyň otparazlar döwründen bäri ýaşynýandygy belli edilýär. Otparazlar döwründe uly — baş ojak bolup şonda-da ot saklanypdyr. Obanyň gelin-gyzlary nahar bişirip, çaý gaýnatjak bolanda şol ojakdan köz alypdyrlar. Ojagy gaýratly, edermen zenan saklapdyr. Sebäbi ody başga obadan gelip ogurlasalar, edil baýdagy ýykylan ýaly nälet edipdirler. Ot sönmez ýaly we köz bolar ýaly oňa taraşa, töňňe atypdyrlar. Ody ojak eýesi şol zenan alyp, sorap gelenlere beripdir. Onuň ýüzi-gözi ýanmaz ýaly, agzy-burny ýaşmak ýaly saralgy eken. Beýleki zenanlaryň hem şol zenana meňzäsi gelip, agyzlaryny ýaşmak bilen örtüpdirler. Şeýdip ýaşmak türkmen zenanlarynyň durmuşyna siňipdir. Ol, hatda gelin-gyzlaryň genetikasyna hem siňipdir. Ulugyzlar utananda elini agzyna tutanyny duýman galýarlar. Şeýle halatlarda Pyragynyň:
Meňli hanym golun dişläp,
Bizden ki uýat eýleýir
— diýen sözleri ýadyňa düşýär. Ýöne çeşmeleriň belli etmegine görä, ýaşmak täze gelne nädogry gürlemezligine ýa-da gaýyn öýüniň ýagdaýyna psihologik taýdan öwrenişmegine uly kömek edýär. Ýene-de bir zat, ýaşmak çep tarapdan goýberilýär. Maşgala saçak başynda oturanda gelin çep eli bilen ýaşmagyny tutup, sag eli bilen naharlanýar. Ähli maşgalanyň saçak başyna üýşmegi, bile naharlanmagy agzybirlik hasaplanypdyr. Ýaşmak, esasan, ýaşyl, gyzyl, sary reňklerden edilipdir. Ýaşmak owadan seçekler we ýaşmak ujy ilgençek bilen bezelipdir. Ýaşynan gelin ykjam durar ýaly, ýaşmagyny çepden saga aýlap, börügine gaşly kümüş ilgençegiň gaňyrçak şekilli ujuny ildiripdir.
Ýaş gelniň gele-gelmän gürlemegi aýyp hasaplanýar. Şu ýerde «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinde Akpamygyň döwden köz alyp gaýtmagy otparazlar döwrüni ýatlatsa, haçan-da, Akpamygyň üstüne adamsy başga bir aýal getirende gaýgy-gama çümüp, gahary çogýar. Täze gelin muny görüp, atyň üstünde oturan ýerinden:
Mesti haýran,
Döküldi aýran
— diýip gygyrýar. Akpamyk bu aýyp ýagdaýa:
Geline bak, geline,
Gele-gelmän diline.
Özi eýer gaşynda,
Gözi ojak başynda.
— diýipdir.
«Ýaşmak» sözi «Gorkut ata» eposynda hem agzalýar. Ýöne ol ýerde «ýaşmak» sözi «leçek» diýip alynýar: «Alkymynda sary leçek». Ýaşmak we ýaşynmak biziň gadymyýetden bäri ene-mamalarymyzyň adatynyň bir görnüşi bolup, ol gelinlerimiziň ruhy-ahlak sypatlarynyň, häsiýetiniň görkezilmegine kömek edýän ajaýyp zynat. Umuman alanymyzda, türkmen gelin-gyzlarymyzyň ençe asyrlardan bäri dowam edýän däp-dessurlary zenan tebigatynyň zynaty bolup, milli aýratynlygymyzy özünde jemleýär. Olar barada ýaşlara düşündirmek her bir adama ýakymly we buýsançly. Halkymyzyň milli däp-dessuryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

















