YLYM-BILIM, WATANSÖÝÜJILIK WE ARASSA AHLAKLY ÝAŞLAR – WATANYŇ BUÝSANJY WE DAÝANJY

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda «Ylym-bilim, watansöýüjilik we arassa ahlakly ýaşlar – Watanyň buýsanjy we daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, olaryň hukuk düşünjelerini we Watana bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bu duşuşyk diňe bir wagyz-nesihat bolman, eýsem ýaşlaryň geljegine, ahlak päkligine we döwrebap ösüşine gönükdirilendir. Çykyşlarda milli gymmatlyklarymyzy, ata-babalarymyzdan gelen arassa ahlaklylyk, halallyk we millilik ýörelgelerini ýaşlaryň aňyna guýmak barada durulyp geçildi. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, olary zyýanly endiklerden daşda tutmak, internetiň we sanly ulgamyň ösen döwründe emeli aňy peýdaly ugurlara gönükdirmek, maglumat howpsuzlygyny saklamak hem-de ene-mamalarymyzdan şu güne çenli gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, milli keşdeçilik sungatynyň terbiýeçilik orny barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlar barada yzygiderli alada edýän, olaryň döredijilikli, bilimli we watansöýüji bolup ýetişmegi üçin giň şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Geldimuhammet MUHAMMETNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar