TÜRKMEN ALABAÝY – MILLI MIRASYMYZ

Ýakynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmen alabaýy – milli mirasymyz» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý mirasynda türkmen alabaýlaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmen alabaýy halkymyzyň wepalylygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de ynamdarlygyň nyşany hökmünde sarpa goýan milli gymmatlyklarynyň biridir.

Duşuşykda türkmen alabaýynyň gadymy taryhy, onuň halkymyzyň durmuşynda ynamdar goragçy we wepaly dost hökmünde eýelän orny barada täsirli çykyşlar diňlenildi. Türkmen alabaýlarynyň güýç-kuwwaty, hüşgärligi, çydamlylygy we eýesine bolan wepalylygy bilen tapawutlanýandygy aýratyn bellenildi. Taryhy we arheologik maglumatlar hem türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri möhüm orun eýeländigine şaýatlyk edýär.

Çykyşlarda häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olary ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, milli itşynaslygyň asylly däplerini dowam etdirmek hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem üns çekildi. Ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, döwrebap tohumçylyk merkezleriniň hereket etmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

Aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen alabaýlaryny aýawly saklamakda, olary çuňňur öwrenmekde döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýsa BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.