Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik, dostluk we özara hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilmeli çäreler barha rowaçlanýar. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Awaza duşuşyklary: dostluk, parahatçylyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk» atly brifing duşuşygy geçirildi.
Giň gerimli bu çärä Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda çykyş edenler, Hazar deňziniň ajap kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dostlukly duşuşyklaryň, parahatçylykly başlangyçlaryň we halkara hyzmatdaşlygyň barha özgerýän ojagyna öwrülendigi barada täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem ýaşlaryň bütindünýä durnukly ösüşine goşýan goşandyny artdyrmak, olaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkitmek barada çykyşlar diňlenildi. Duşuşyga gatnaşýan ýaşlaryň hem özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny çykyş eden wekillere berip oňa manyly we täsirli jogaplary aldylar. Ol ýaşlaryň gözýetimini giňeltmäge, täze pikirleriň we başlangyçlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Ýokary guramaçylykly we täsirli geçen bu duşuşyk ýaşlary täze üstünliklere, dostluga we parahatçylykly döredijilige ruhlandyrdy.
Brifing duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin ähli şertdir mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň müdiri.

















