MILLI MIRASYMYZ GYMMATLY GENJI HAZYNAMYZDYR

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz bütin dünýäde beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň aň-bilim hem-de ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu belent maksatlardan ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak hem-de ýaşlaryň şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda «Bedew batly ýaşlar» atly şygar astynda uly dabaraly gezelenç çäresi geçirildi.

Täsirli pursatlara baý bolan bu gezelenç çäresiniň dowamynda ýaşlar halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy, gadymyýetden şu günlere çenli gelip ýeten milliliklerimiz bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň, muzeý gymmatlyklarynyň hem-de milli eksponatlaryň arasynda geçirilen bu gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Gatnaşyjylar halkymyzyň geçen şöhratly ýoluna göz ýetirip, milliligimiziň hakyky genji-hazynadygyny, her bir milli eksponatda pederlerimiziň zähmetiniň, çeperçilik sungatynyň we çuňňur hikmetiniň bardygyny aýdyň duýdular.

Şeýle giň gerimli çäreler ýaş nesilleriň milli medeniýete bolan sarpasyny beýgeltmekde, olaryň gözýetimini giňeltmekde, ösdürmekde hem-de Watanymyzyň geljegi üçin ruhy taýdan baý, bilimli we watansöyer kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Gezelenje gatnaşan ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny paýlaşyp, ýaşlaryň arasynda milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge döredilýän ähli döwrebap şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2026 | 78 okalan

TÜRKMEN TÜRGENINIŇ ÜSTÜNLIGI

23 Oktýabr 2026 | 90 okalan

BILIMI BERK BINÝATLY ROWAÇ MENZILLER

23 Oktýabr 2026 | 74 okalan

DÖWLETLI OJAKDA MYHMANÇYLYKDA