Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň akyl we beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli, zähmetsöýer, ugurtapyjy hem-de giň başarnykly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watana bolan söýgüni, dostlukly gatnaşyklary hem-de jemgyýete peýdaly bolmak duýgusyny terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda mümkinçilikleri çäklendirilen çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdep-internadynda «Bagtyýar çagalar Watanymyzyň buýsanjydyr» diýen ruhlandyryjy şygar astynda şadyýan bäsleşik geçirildi.
Aýratyn alada hem-de mähre mätäç bolan çagalaryň zehinini, zehin-başarnygyny we ugurtapyjylygyny ýüze çykarmaga gönükdirilen bu çäre örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi. Bäsleşigiň dowamynda çagalar birnäçe täsirli şertler boýunça özara bäsleşdiler.
Ilki bilen, ugurtapyjylyk we zehin synagy boýunça çagalar dürli logiki soraglara we gyzykly tapmaçalara çalt hem-de takyk jogap bermekde özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň aýdym-saz we sungat çykyşlarynda bolsa Watana, enä we tebigata bagyşlanan aýdym-sazlar, şadyýan tanslar hem-de labyzly okalan goşgular çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini berdi.
Bäsleşigiň esasy maksady diňe bir ýeňijini kesgitlemek bolman, eýsem çagalarda öz-özüňe bolan ynamy artdyrmakdan, olaryň döredijilik we durmuş endiklerini ösdürmekden, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan her bir çaganyň ýüzündäki bagtyýar ýylgyryş, olaryň gözlerindäki hyjuw we uçgun çäräniň hakyky üstünlik bilen tamamlanandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, olaryň şadyýan, bagtyýar we jemgyýetiň doly hukukly agzalary bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Çynar MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

















